Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistana gyssagly gonmaly boldy

1-nji fewralda, Özbegistanyň “Centrum Air” awiakompaniýasyna degişli uçar Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Halkara howa menziline gyssagly gonmaly boldy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Medine şäherinden, Özbegistanyň Fergana şäherine tarap uçan uçar Türkmenistanyň howa giňişliginden uçup barýarka, tehniki näsazlyk ýüze çykaryldy.

Netijede, uçary dolandyrýan uçarmanyň duýduryşy bilen uçar Mary welaýatynyň Halkara howa menziline gyssagly gonuşy amala aşyrdy. Uçardaky ýolagçylar Özbegistandan iberilen “A321neo” kysymly ätiýaçlyk uçaryna geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok