«Türkmenistan – gözel mekan» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň fotosuratlary düşürmek bilen meşgullanýan ýaşlarynyň hem-de ýaş fotohabarçylaryň arasynda geçiriljek «Türkmenistan – gözel mekan» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent üstünliklere beslenýär. Halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri hem-de milli ýol-ýörelgelerimizi, edim-gylymlarymyzy, däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ekologiýasyny hem-de daşymyzy gurşap alan tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» dabaralandyrmak, olaryň düşüren suratlaryny, surat toplumyny çap etmek maksady bilen, «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzyň höwesjeň fotosuratçy ýaşlarynyň şeýle-de ýaş fotohabarçylaryň arasynda «Türkmenistan — gözel mekan» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň tebigatynyň, tebigy baýlyklarynyň, dag-düzleriniň, deňizdir derýalarynyň, haýwanat dünýäsiniň, goraghanalarynyň gözelliklerini açyp görkezýän foto suratlary halk köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri we geçiriliş tertibi:

Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşyjylar tebigatyň gözelliklerini açyp görkezýän suratlaryny 2025-nji ýylyň 14-nji maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän fotosuratlar ozal gazet-žurnallarda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik bolmalydyr. Bäsleşige hödürlenen fotosuratlar döwrebaplygy we talabalaýyklygy nazarda tutulyp, çap ediler.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Türkmenistan — gözel mekan» diýen ýazgy bilen hödürläp, onuň ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportyň nusgasy, 2 sany 3×4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.

Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.

Bäsleşigiň jemleri 2025-nji ýylyň iýun aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat haty we gymmat bahaly sowgat, şeýle-de höweslendiriji baýrak dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy. E-mail salgysy: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy: 38-60-64, 38-60-70;Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok