ÜNS BERIŇ!: Innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşik geçirilýär!

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de daşary ýurt tejribelerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary innowasiýa taslamalaryna höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda 18-19-njy apreli aralygynda Ýaşlaryň arasynda “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady:

  • Telekeçilik ukyplaryny öwrenmek we öz kärhanalaryny döretmek isleýän zehinli talyplary, ýaşlary, mugallymlary we hünärmenleri höweslendirmek we goldamak;
  • Ýaşlaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda innowasiýa taslamalarynyň we startap başlangyçlarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmaklaryny goldamak;
  • Telekeçiler, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda zähmet çekýän işewürler bilen höwesjeň ýaşlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin giňişlik döretmek;
  • Telekeçilik medeniýetini ösdürmek we başlangyç ekoulgamynyň işini kämilleşdirmek.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda bäsleşige 30 ýaşa çenli şol ugurda ukyp-başarnygy bolan, bilim we ylym edaralarynyň hödürnamasy esasynda hödürlenen okuwçylar we ýaşlar gatnaşyp bilýär.

Bäsleşik ýedi ugur boýunça:

  • Emeli aň;
  • Robototehnika we awtomatizasiýa;
  • Akylly oba hojalyk tehnologiýalary;
  • Akylly şäher;
  • Bilim we elektron okuwy;
  • Sanly lukmançylyk;
  • Hyzmatlar ulgamy boýunça.

Gatnaşyjy özüniň hödürleýän taslama işiniň manysyny, işiň wajyplygyny, ähmiýetini, netijäni beýan edýän 5-10 sahypadan ybarat bolan nutuk taýýarlamaly, taýýarlanan nutugy pdf görnüşe getirip, aprel aýynyň 15-ne çenli elektron poçtanyň kömegi bilen görkezilen elektron salga (ictstartaptdei@gmail.com) ugratmagyňyzy soraýarys. Gatnaşyjy bäsleşigiň deslapky tapgyryň çykyşynda diňe bir nutuk bilen çäklenmän eýsem, prezentasiýaly ýa-da wideo görnüşli tanyşdyryşlar bilen çykyş etmeli.

Gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän her bir taslama maksatlaryna ýa-da görkezilen ugurlaryna baglylykda taslamanyň aşakda görkezilen görnüşleriniň  haýsydyr birine degişli bolmalydyr: kiçi telekeçiligi döretmek bilen bagly taslamalar; satyn almaga degişli bolan taslamalar; uly göwrümli taslamalar; döredijilik taslamalary; sosial taslamalar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlar bäşleşige toparlaýyn görnüşde (ylmy işleriň netijelerini görkezmek isleýän agzalary orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylar, hünär bilim edaralarynyň talyplary, şeýle hem 30 ýaşa çenli ýaşlar bolan toparlar) ýa-da aýry-aýrylykda (orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, hünär bilim edaralarynyň talyplary, şeýle hem 30 ýaşa çenli ýaşlar) gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri Bilim ministrliginiň Diplomlary, Minnetdarlyk hatlary, Hormat hatlary bilen sylaglanar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren ýaşlar görkezilen salgyda Google form üsti bilen onlaýn hasaba durup bilerler.

Bäsleşige şu ýerden hasaba durup bilersiňiz!

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw binasy

Bäsleşigiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 18-19-njy aprel aralygynda – 09:00 – 18:00.

Habarlaşmak üçin: +993 522 5-75-02; +993 62 65 88 55.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok