Ylym jemgyýetiň ösüşiniň özenidir

Ylym jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşiniň möhüm özeni bolup, onuň gazananlary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna oňyn täsir edýär. Önümçilige ornaşdyrylan ylmy-tehniki açyşlar diňe bir tehnologiýalaryň däl, eýsem, adam maýasynyň kämilleşmegine hem ýardam edýär. Taryh ylym we siwilizasiýalaryň ösüşindäki baglanyşygyň ýakyndan hereket edýändigini subut edýär.


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, innowasiýalara esaslanýan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişliginde öz ornuny yzygiderli berkitýär.

Häzirki döwürde ylym we tehnologiýalar ähli ugurlarda hünärmen taýýarlygynda täze mümkinçilikleri döredýär. Öňdebaryjy bilim we başarnyklar diňe bir okuw ýyllarynda däl, eýsem, ömrüň dowamynda täzelenmegi talap edýär. Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem ylmy-barlag işleriniň kämilleşdirilmegi möhüm orny eýeleýär. Bu ýokary okuw mekdebi oba hojalygy pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen ylmy işlere, halkara maslahatlara we okuw tejribelerine aýratyn üns berýär.

Professor-mugallymlar we talyplar oba hojalygy kärhanalary bilen bilelikde iş alyp barýarlar. Olaryň ylmy tejribeleri diňe bir öz hünär ugurlarynda däl, eýsem, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm täsir galdyrýar.

Döwür bilen aýakdaş gidýän innowasion çemeleşmeler iň ornaşdyrylmagy, bilim we önümçiligiň arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzy gülläp ösýän döwlete öwürýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde döredilen mümkinçilikler täze wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ýaýlym ORAZGELDIÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok