Ylymly ýaşlar bilen galkynýar Diýar!

Döwürlere nusgalyk ösüşler bilen kuwwatlanýan eziz ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly şahsyýetler bolup kemala gelmegi babatda uly şertler döredilýär. Ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze öňdebaryjy ylmy-barlag, tehnologik usullary özleşdirmegine, ýokary hünär biliminiň ylmy binýadynyň hem pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmegi bellenmäge mynasypdyr. Ýokary bilim ulgamy kämilleşdirilip, ýylyň-ýylyna täze ugurlar girizilip, bilim maksatnamalary kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamynyň uly üstünliklere beslenmegi Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berýändiginden habar berýär. 

Ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasat ugruny, kanun çykaryjylyk işini, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy düýpli öwretmek bilen baglanyşykly milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegi, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň açylmagy baky bagtyýarlykdan nyşandyr. Çünki häzirki döwürde bütin dünýä ýüzünde bilimiň kämilleşdirilmegine bildirilýän talaplar barha ýokarlanýar.

Döwletimizde bilim babatynda kabul edilýän kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenip bilýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, ussat ýaşlary terbiýelemäge itergi berýär. Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi-de ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýüzüne ýaýýar. Şeýle hem bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramakda dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda giň möçberli işler ýola goýulýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan wideoşekilli maslahatlar, okuw sapaklary yzygiderli gurnalýar. Çünki halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik çäreleri we bu ugurdaky döwlet ähmiýetli özgertmeler sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden şöhlelendirýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasaty türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk, oýlap tapyjylyk ukyplaryny açmaklyga gönükdirilendir. Munuň özi ylym-bilim ulgamynyň durnukly kämilleşmegi, onuň ussat hünärmenleri ýetişdirmegi esasynda çözülýändigi düşnükli bolsa gerek. Ösen döwrüň talaplaryny amal etmäge ukyply täze nesli ýetişdirmekligiň özi hem köptaraplaýyn işdir. Şunda halkymyzyň toplan baý durmuş tejribesinden, medeni mirasymyzdan ugur almak, Milli Liderimiziň ylmy-filosofik eserlerine salgylanmak oňyn netijelere atarýar.

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli nygtaýşy ýaly, her bir öňe sürülýän belent maksatlary, ilki bilen, ýaşlarymyz çuňňur özleşdirmelidirler. Ýurdumyzda kemala gelýän ýaş alymlaryň täze nesli Milli Liderimiziň, hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen alymlarynyň nusgalyk ýoluny dowam etdirmäge ýykgyn etmelidirler. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlara berjek öwüdim — hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň! Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýol görkeziji boljak eserleri döretjek Birunylaryň, Lukman Hekimleriň, Mäne babalaryň, Horezmileriň, Farabylaryň, Merwezileriň, Amulylaryň, Zamahşarylaryň, Kubralaryň, Nesewileriň, Massonlaryň we Sarianidileriň, Jykyýewleriň hem-de Atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn» diýmek bilen, ýaşlara uly ynam bildirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, arassa ahlakly, watansöýüji nesiller bolup kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmegi alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, röwşen geljegi nazarlaýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Miýassar NURULLAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň  
Roman-german dilleri we edebiýaty we
olary okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok