«Daşoguz habarlary» gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

«Parahatçylyk we ynanyşmak — umumadamzat gymmatlygy» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady:

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň erk-islegi esasynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem Bitarap döwletimiziň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde belent ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, halklaryň agzybir, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň örän uly orny bardyr. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny giňden dabaralandyrmak, ata Watanymyzyň halkara abraýyny, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini wagyz etmek, gazanylýan üstünlikleri wasp etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde «Parahatçylyk we ynanyşmak — umumadamzat gymmatlygy» diýen şygar esasynda dürli ugurlarda zähmet çekýän bagtyýar ildeşlerimiziň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň şertleri

Bäsleşik makala ýazmak boýunça geçirilip, onuň mazmunynda ata Watanymyzyň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri, dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň, şeýle hem berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti öz beýanyny tapmalydyr.

Bäsleşigiň geçiş tertibi

Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, oňa gatnaşmaga isleg bildirýänler özleriniň makalalaryny we maglumatnamalaryny «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasyna ýa-da gazetiň elektron poçtasyna 2025-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli ugratmalydyrlar.

Bäsleşige gelen makalalar «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksion geňeşi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylar we bäsleşigi guraýjylar tarapyndan düzülen eminleriň gelen netijesi boýunça ýeňijiler kesgitleniler. Bäsleşige hödürlenilýän makalalaryň tapawutlananlary «Daşoguz habarlary» gazetinde çap ediler.

Bäsleşigiň jemleri

Eminleriň gelen netijelerine görä, «Parahatçylyk we ynanyşmak — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşigiň jemleri 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda jemleniler we ýeňijiler yglan ediler.

Ýeňijiler TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň we «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglanylar.

Bäsleşige hödürlenilýän makalalar şu salga iberilmelidir:

Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçe, 8-nji jaý.

E-mail: dashoguz.habarlary@sanly.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok