Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramymynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçiriljek “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly şadyýan bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň: “Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys. Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir.” diýen parasatly sözlerinden, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.
Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan, ozal “Iň eýjejik gyzjagaz” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzlar gatnaşyp bilerler.
I.Bäsleşigiň geçiş tertibi
Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Arkadag, Aşgabat şäherlerinde geçirilýär. Welaýatlaryň hersinden we Arkadag, Aşgabat şäherlerinden 1-nji we 2-nji orunlary eýelän 2 (iki) sany okuwçy gyzjagaz paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar.
Şadyýan bäsleşik şu aşakdaky tertipde geçiriler:
- birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 5-14-nji fewraly aralygynda umumybilim berýän mekdeplerde geçiriler;
- ikinji tapgyr 2025-nji ýylyň 21-28-nji fewraly aralygynda etraplarda we şäherlerde geçirilip, oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar;
- üçünji tapgyr 2025-nji ýylyň 3-7-nji marty aralygynda Arkadag, Aşgabat şäherlerinde we welaýatlarda geçirilip, bu tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar;
- jemleýji tapgyr 2025-nji ýylyň mart aýynyň ikinji ongünliginde Aşgabat şäherinde geçiriler we bu tapgyra bäsleşigiň, Arkadag, Aşgabat şäher we welaýat tapgyrynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar.
II.Bäsleşigiň şertleri
1. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli (4 minut).
2.Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmeli (3 minut).
3.Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmeli.
III.Bäsleşige gerekli resminamalar
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Arkadag, Aşgabat şäherleriniň Geňeşleriniň mejlisleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky kararlaryny, ýeňiji bolan gyzjagazlar barada şu aşakdaky görnüşde resminamalary (2 nusgada) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-na çenli tabşyrylmaly:
- Maglumat (görnüş №1, görnüş №2);
- Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;
- 3х4 ölçegdäki 2 sany surat;
- Okaýan mekdebinden kepilnama.
“Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly şadyýan bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlaryň her bir çykyşyny 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp bahalandyrýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlaryna işjeň gatnaşan we tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.
Teswirler