Deepfake Tehnologiýasy: Mümkinçilikler we Töwekgelçilikler

Deepfake tehnologiýasy, emeli aň we kompýuter algoritmleriniň kömegi bilen ses we wideo maglumatlaryny üýtgedip, adamlaryň ýüz keşbini we sesini takyklyk bilen sanly görnüşde görkezýän tehnologiýadyr. Bu tehnologiýa esasan “deep learning” (çuňňur öwreniş) we “fake” (galp) sözleriniň birleşmesinden döräp, häzirki wagtda tehnologiýa dünýäsinde uly täsir döredýär.

Deepfake tehnologiýasy dürli pudaklarda peýdaly ulanylyp bilner. Meselem:

  • Kino we mediada: Aradan çykan aktýorlaryň keşplerini janlandyrmak ýa-da geçmişdäki wakalary täzeden şekillendirmek üçin ulanylýar.
  • Dil öwreniş we ylym-bilim: Realistik wideo simulýasiýalary döretmek arkaly öwrediji maksatlar üçin ulanylyp bilner.
  • Ylmy barlaglar: Robotlaryň we emeli aňyň işini gowulandyrmak üçin ulanylýar.

Deepfake tehnologiýasynyň ösýänligi bilen köp sanly töwekgelçilikler hem ýüze çykýar:

  • Maglumatyň galplaşdyrylmagy: Deepfake ýalan habarlaryň ýaýramagyna, jemgyýetde howsalanyň ýa-da nädogry pikirleriň döremegine sebäp bolup biler.
  • Şahsyýete zyýan berilmegi: Adamlaryň ýüz keşbi we sesi galplaşdyrylyp, olaryň abraýyna zyýan ýetirip bilner.
  • Jenaýatçylykly maksatlar: aldaw we galplyk bilen dürli amallarynda ulanylyp, hukuk bozulmalaryna ýol açyp biler.

Häzirki wagtda deepfake bilen bagly meseleleriň öňüni almak üçin birnäçe çözgütler teklip edilýär:

  • Tehnologiýa çözgütleri: Deepfake anyklaýjy algoritmleri ösdürmek we maglumatlaryň hakykylygyny barlamak üçin kiberhowpsuzlyk ulgamlaryny kämilleşdirmek.
  • Kanunçylyk: Deepfake ulanyşyny düzgünleşdirmek üçin halkara we milli derejede kanunçylyk çärelerini girizmek.
  • Maglumatlylygy artdyrmak: Jemgyýetiň deepfake tehnologiýasy barada habarlylygyny ýokarlandyrmak we ony nädip tanamalydygyny düşündirmek.

Gülrena BABAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok