Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen gender syýasatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk bu ugurda möhüm orny eýeleýär.
2025-nji ýylyň aprel aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumy geçiriler. Forumyň geçirilmegi baradaky teklip 17-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan öňe sürüldi. Ol döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça başga-da birnäçe başlangyçlary hem hödürledi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldap, degişli işleri dowam etdirmek tabşyrygyny berdi.
Teswirler