Türkmen okuwçylarynyň Žautykow Olimpiadasyndaky üstünlikleri

Mekdep okuwçylary Astanada 2025-nji ýylyň 13-17-nji ýanwary aralygynda geçirilen Matematikanyň, Fizikanyň we Informatikanyň XXI Halkara Žautykow Olimpiadasynda ýokary üstünlikleri gazandylar.

2025-nji ýyl üçin XXI Halkara Žautykow Olimpiadasy 13-17 ýanwar aralygynda Astanada geçirildi.

Matematika, fizika we informatika boýunça jemi 15 ýurtdan 700-e golaý okuwçy we 150-e golaý ýolbaşçy, şol sanda Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan, Russiýa, Belarusuň, Ermenistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Serbiýa we Mongoliýa döwletlerinden gatnaşdylar. Toparlaryň düzümi, gatnaşyjy döwletleriň milli  bilim ulgamy oýunça olimpiýadalaryň netijeleri esasynda kesgitlenýär.

Her ýylda geçirilýän bu Olimpiadany Gazagystanyň Magaryf ministrligi, «Daryn» ylmy-amaly merkezi we «Respublikan Fizmat mekdebi» guraýar.

Olimpiada bäş gün dowam edip we iki tapgyrdan ybarat boldy. Tapgyrlaryň çylşyrymlylygy ýöriteleşdirilen bilim maksatnamalary esasynda we halkara eminler tarapyndan taýýarlanyldy. Gazagystanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň akademigi Askar Žumadildaýew Eminler toparyna başlyklyk etdi.

“Matematika, fizika we informatika boýunça Halkara Žaýtykow Olimpiadasy ýurduň içinde 21-nji gezek geçirildi. Bu ýyl ol Astanada ilkinji gezek guralyp, öňki ýyllar Almata şäherinde geçirilýärdi. Gatnaşyjylar nazary we amaly tapgyrlarda öz başarnyklaryny görkezdiler, ol tapgyrlaryň geçirilen ýerleri bolan Respublikan Fizmat Mekdebinde we Astana IT Uniwersitetinde, olimpiadanyň şertlerine laýyklykda ähli tehniki üpjünçilik bilen enjamlaşdyryldy.

Žautykow Olimpiadasynyň netijeleri boýunça baýrakly orun alanlara bolsa dürli derejeli diplomlar, altyn, kümüş we bürünç medallar gowşuryldy.

Bu olimpiada ýurdumyzyň zehinli okuwçylarynyň 21-si matematika, fizika hem-de informatika derslerinden gatnaşyp özleriniň ýokary ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň zehinli okuwçylaryna mugallymçylaryň 5-si, ýagny matematika mugallymlary Pälwan Halmyradow, Myrat Sapaýew, Rasul Myradow, fizika mugallymy Berdimyrat Çaryýew hem-de informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew dagylar ýolbaşçylyk etdi.

Netijede, ýurdumyzyň okuwçylary 2 altyn, 4 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar.

Mekdep okuwçylarynyň gazanan bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda alnyp barylýan işleriň miwesidir.

Medal alan okuwçylar:

Izho 2025 medallar:

Matematika:

1. Hamza Allaberdiyew (Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 135-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy)-altyn medal;

2. Agamyradow Rahym (Aşgabat şäheriniň iňlis dilini, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy)-kümüş medal;

3. Babageldiýew Maksat (Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 135-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy)- kümüş medal;

4. Akmyradow Begench ( Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy)- kümüş medal;

5. Meylismyradow Maliksha (Aşgabat şäheriniň iňlis dilini, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy)-bürünç medal;

6. Hojanyyazow Sanjar (Aşgabat şäheriniň iňlis dilini, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy)-bürünç medal;

7. Işanmyradow Begli (Aşgabat şäheriniň iňlis dilini, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy)-bürünç medal;

8. Ruslanow Myrat (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy)- bürünç medal;

9.  Hudayberenow Hudayguly (Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy)- bürünç medal;

Fizika dersi boýunça:

1. Nuryyew Jumadurdy (Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 12-nji synp okuwçysy)-altyn medal;

2. Annamyradow Dowlet (Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 43-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy)-kümüş medal.

Informatika dersi boýunça:

1. Amanmyradow Yhlas (Aşgabat şäheriniň iňlis dilini, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) – bürünç medal.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok