«Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge, halkymyzyň milli ýörelgelerinden gelip çykýan watançylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk hem-de abadançylyk ýaly asylly düşünjeleri dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edilýär. «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, şöhratly taryhymyzy, özgerişlere beslenýän häzirki döwrümizi gazet sahypalarynda şöhlelendirmek maksady bilen, «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Kärine seretmezden, döredijilik bilen iş salyşýan her bir adam (öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini, foto we çekilen suratlaryny bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän işler döredijilikli beýan edilen bolmaly. Olarda ata Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň asudalyk, agzybirlik, abadançylyk, ynsansöýüjilik ýaly oňyn düşünjeleri, özbaşdak döwletimiziň halkara abraýyny arşa göteren hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsirleri şöhlelendirilmelidir.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmalydyr. Eserler kompýuterde ýygylan bolmaly. Bäsleşigiň jemi 2025-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar.

Hödürlenjek eserleri «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly ― 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany.

Telefon belgileri: 38-61-07; 38-61-05; 38-61-16; 38-61-17.

Gazetiň elektron poçtasy: watan@sanly.tm

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok