2025-nji ýylyň 9-11-nji ýanwar aralygynda Beýik Britaniýanyň “Britan Geňeşi” guramasynyň guramagynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek” atly Halkara okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistandan bu okuw maslahatyna Milli bilim institutynyň ylmy işgäri we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň tejribeli mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda iňlis dili mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmak, refleksiw tejribäni işjeňleşdirmek we okuw maksatnamalaryny halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar mugallymçylyk tejribesiniň hilini ýokarlandyrmak we talyplaryň dil başarnyklaryna baha bermek ölçeglerini kämilleşdirmek baradaky teklipleri öňe sürdüler.
Türkmen wekilleriniň bellemegine görä, Daşkendiň maslahaty iňlis dilini öwretmegiň sebitdäki hiline oňaýly täsir ýetirip, mugallymlaryň işine täze mümkinçilikler açar.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi
Uzukjemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler