Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 2025-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze neşir edilen “Hakyda göwheri” atly kitaby boýunça okuw-usuly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti, türkmen halkynyň taryhy we ruhy gymmatlyklary baradaky pedagogik ideýalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa bilim işgärleri, professor-mugallymlar, talyplar, hem-de Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy Meret Weliýew açyp, onuň dowamynda dürli çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünäri kämilleşdiriş bölüminiň müdiri Sapargeldi Durdyýewiň bellemegine görä, “Hakyda göwheri” türkmenleriň belent ahlak ýörelgelerini, agzybirligini, parahatçylyga ygrarlylygyny beýan edýär. Kitapda Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň we beýleki akyldarlaryň pähim-paýhasly garaýyşlary ýaş nesle nusga hökmünde görkezilýär.
Maslahata gatnaşan bilim işgäri Nurnazar Jumanazarow kitabyň ýaş nesliň ruhy taýdan kämilleşmegine we watana bolan buýsanjyny artdyrmagyna ýardam edýändigini nygtady. Onuň pikiriçe, kitap geçmişi bilen häzirki döwri baglanyşdyrýan täsirli köpri bolup durýar.
Maslahatyň dowamynda gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly pikirlerinden ugur alnyp, bu eseriň ýaş nesil üçin watansöýüjilik we ynsanperwerlik mekdebi boljakdygyny nygtadylar. Şeýle-de, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryhy muzeýindäki sergilere gezelenç guraldy.
Maslahatyň ahyrynda Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.
Teswirler