Türkmenistanda “Türkmen zenanlarynyň halkara hyzmatdaşlygynda we milli gymmatlyklarymyzyň dünýä dabaralanmagyndaky orny” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahaty Türkmenistanyň Mejlisi, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniyet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilelikde gurnady.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi mynasybetli, bu
maslahatda UNESCO-nyň kafedralarynyň, klublarynyň we assosirlenen mekdepler toruna girizilen mekdepleriň agzalary hem-de talyplar onlaýn usuly bilen diňleýji bolup gatnaşdy.
Maslahatyň maksady ýaşlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek çärelere işjeň çekmek we olaryň Watana bolan ygrarlylygyny pugtalandyrmak boldy. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — parahatçylyk we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusynyň mazmunynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen tanyşdyryldy.
Maslahata çykanlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyň şygary, mazmuny we wezipeleri barada düşünjelerini aýtdylar. Mundan başga, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitaplary esasynda parahatçylyk we ynanyşmak pelsepesi barada türkmen ýaşlaryna wagyz etdiler.
Onlaýn usuly bilen gatnaşan talyplar bu maslahatyň türkmen medeni mirasynyň gadyr-gymmatyny has-da artdyrandygyny bellediler. Olar Watana we Bitaraplyga bolan wepalylygyny berkitmek bilen, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza taýsyz tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Maslahat, Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusynyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde ýerine ýetirilen aýdymy bilen jemlenip, gatnaşyjylaryň öňünde ýakymly duýgulary galdyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi
Merjen AŞYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler