Ylym — ösüşleriň binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletiň, jemgyýetiň kämilliginiň ylym-bilimiň ösüşi bilen baglanyşdyrylmagy ýöne ýere däldir. Şonuň üçin täze taryhy eýýamda ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy ýurduň geljekki ösüşini aýdyň görkezýär.

Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň has-da artdyrýan baýlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynyň gurluşy, dolandyrylyşy, binýatlaýyn esaslary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, ylmy-tehniki özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirkizaman bilimlerini we ylymlaryny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli hünärmenleri hem-de alymlary taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar. Iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.

Ylymdan taplanan, kalby ylym nurundan pürepür adam ýagşyzadalaryň derejesine göterilýär. Ylymly ýol ynsan üçin bagtyýarlyga barýan ýol hasaplanylýar. Alymlaryň biriniň: «Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynanjymyň nähili bolandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä begenjimiň nähili bolandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi hökman ylym bilen ötürerdiň!» diýen sözlerinden ugur alyp hem ylym öwrenmegiň we öwretmegiň sogaply, haýyrly işleriň öňbaşçysydygyny aýtmak bolar.

Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Annadursun MÄMIŞOWA,

Aşgabat şäheriniň 91-nji orta
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok