16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi. Onuň birinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewadyr. Şeýle hem geçen ýyllaryň dowamynda Züleýha Kakaýewa, Begenç Çaryýew, Ahmet Atajanow, Nurýagdy Rejepow, Atajan Berdiýew, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa ýaly birnäçe zehinli aýdymçylar «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada mynasyp bolupdylar.
Bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeginden 17 ― 35 ýaş aralygyndaky aýdymçylar gatnaşyp, onuň jemleýji tapgyryna iň gowy 10 aýdymçy saýlanyp alyndy. Jemleýji tapgyra gatnaşan ýaş estradaçylar onuň düzgünnamasyna laýyklykda, aýdymy ilki sazly görnüşinde, soňra bolsa sazsyz ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri esasynda baş baýraga hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolan aýdymçylar kesgitlenildi.
Şeýlelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada hem-de göçme kuboga Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti zehinli aýdymçy Durdy Durdyýew mynasyp bolmagy başardy. Şeýle hem bäsleşikde baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Teswirler