HALKARA BITARAPLYK GÜNI GUTLY BOLSUN!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şu günler mähriban halkymyz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygyny – Halkara Bitaraplyk gününi uly dabara bilen giňden belleýär. Çünki hemişelik Bitaraplyk derejämiz parahatçylygy, dost-doganlygy, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara gatnaşyklarymyzy alamatlandyrýar.

Belli bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi, agza ýurtlaryň 185-niň ählisiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Şoňa görä hem bu şanly waka ähli watandaşlarymyz üçin aýratyn möhüm, buýsançly güne öwrüldi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşleri, halkara giňişlikdäki belent abraýy barha artdy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasy başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär we bu bolsa ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäniň dürli ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, GDA, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Ösüş maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we beýleki ençeme abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly orun berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň barha belende galýan abraýynyň, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşýan uly goşandynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyz alyp barýan daşary syýasatynyň esasynda ählumumy başlangyçlara işjeň goşulyşýar, parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň berkarar edilmeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlyga saldamly goşant goşýar. Çünki Bitaraplyk asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, durnukly ösüşi dabaralandyrýan beýik taglymatdyr. «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edilýär. Halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna we milli medeniýetimize doly laýyk gelýän bu özboluşly hukuk ýagdaýy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbidine parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmeklige uly mümkinçilikleri açýar.

Bagtyýar döwrümizde baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde joşgunly konsert maksatnamalarynyň, medeni-köpçülikleýin aýdym-sazly çäreleriň giňden utgaşýan günlerinde Halkara Bitaraplyk güni bilen Milli Liderimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok