«Bitewi suw» sammiti – ekologik abadançylygy berkitmekde möhüm ädim

Belli bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy. Ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döretjek “Bitewi suw” sammiti BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň barha berkemegine itergi berer.

Biziň ýurdumyz suw meseleleri boýunça BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda alyp barmak bilen, guramanyň tebigaty goramak bilen bagly ençeme resminamalaryna, biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny, kölleri netijeli peýdalanmak hakyndaky Konwensiýalaryna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, ondan gelip çykýan borçnamalara yzygiderli eýerýär. Döwletimiz Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologik meselelere sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzyň milli derejede durmuşa geçiren iri taslamalarynyň biri bolup, bu gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik, ykdysady, durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan Watanymyz 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Bu ugurdaky işleri durmuşa geçirmek üçin täze suw desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen ulgamlary ösdürmek işleri yzygiderli esasda alnyp barylýar, ýurdumyzda suw ýitgilerini azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullary, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, beýleki zerur çäreleriň toplumy görülýär.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Maslahatyň çäklerinde geçirilýän “Bitewi suw” sammiti Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň “Bitewi suw” sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna öz goşandyny goşmaga ygrarlydygyny aýdyň subut edýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok