Berkarar döwletiñ Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Baky Bitaraplygymyz oňyn netijelerini berýär. Dünýäde dostlugyň, jebisligiň, ynamyň, asudalygyň we ynsanperwerligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzyň bu günki gün zemin içre abraýy barha artýar. Parahatçylygy gorap saklamakda bitaraplyk syýasatynyň birnäçe asyrlyk taryhy bar we onuň derwaýyslygy gün-günden ýokarlanýar. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň, maglumat ulgamynyň günsaýyn ösýän, kämilleşýän döwründe ýekebara- üzňelikde ýaşamagy hiç bir ýurt, hat-da ykdysady taýdan iň ýokary derejä ýeten-kuwwatly döwletler-de göz öňüne getirip bilmese gerek. Häzirki wagtda dünýä halklary diňe bir ykdysadyýetde ýa-da tehnologiýa, maglumat, ylym-bilim ulgamlarynda däl, medeniýetde hem globallaşma syýasatyny alyp barýar. Diýmek, parahatçylyk, özara ynanyşmak, jebisleşmek döwrüň talaby bolup durýar. Bitaraplygyň bütin dünýä derejesindäki toplanan taryhy tejribelerini bu günki gün döwrüň iň möhüm meselelerini ylmy taýdan öwrenmeklige we täze sepgitlere gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşlarynyň birinde: “Biz halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk ýörelgesiniň ylmy-nazary esaslaryny we tejribesini netijeli ulanmaly diýip hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan anyk maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn işleri mundan beýläkde kämilleşdirmeli diýip pikir edýäris” diýip, aýratyn nygtap geçdi.
Dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň mekany bolan eziz diýarymyz Bitarap Türkmenistan dürli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelýär. Iki taraplaýyn alnyp barylýan bu gatnaşyklar bolsa syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilim hem-de söwda gatnaşyklarynda, mahlasy durmuşyň ähli ugurlarynda täze-täze tejribeleriniň döremegine esas berýär we barha pugtalandyrýar. Durnukly içerki we daşarky syýasat, hemişelik Bitaraplyk, geçirilýän özgertmeleriň netijeliligi, olaryň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly badalga berýär. Bularyň ählisi Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň bize beren süýji miweleridir. Günsaýyn gülläp, gül açýan asuda diýarymyzda halkymyzyň parahat durmuşyny, abadançylygyny gorap saklamak hem-de berkitmek üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň we beýik başlangyçlaryň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Aýnäzik EZIZOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň talyby.
Teswirler