Kapadokiýanyň asmanyna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 300 sany howa şary uçuryldy

Golaýda ýagny 2024-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi.

2-nji noýabrda Türkiýäniň dünýä meşhur Kapadokiýada sebitinde, beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, türkmen we türk baýdaklary we şahyryň foto görnüşleri bilen bezelen 300 sany howa şarlary asmana uçuryldy.

Ir säher bilen dabara gatnaşyjylar howa şarlarda «Göreme» milli syýahatçylyk seýilgähindäki Meskendir jülgesinden asmana galkdylar. Bir sagada golaý wagt dowam eden uçuşyň dowamynda howa şarlary Kapadokiýanyň meşhur we gözel ýerleriniň üstünden uçdular. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan howa festiwalynyň ahyrynda, geçirilen uçuş dabarasy «EkoAwrasya» birleşigi tarapyndan dünýäniň görnükli şahsyýetleriniň hormatyna ilkinji gezek howa festiwaly hökmünde hasaba alyndy. Bu barada türkmen tarapyna degişli şahadatnama gowşuryldy.

Geçirilen howa festiwaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup hem-de bu çäre Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşýan goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň nyşanyna öwrüldi.

Şeýle hem, geçirilen çäreleriň çäklerinde Kapadokiýanyň «Güraý» taryhy muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli surat sergisi geçirildi. Sergä gatnaşyjylar çäräniň dowamynda Türkmenistanyň medeni-taryhy, milliligi we Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikleri döretdi.

Aýnur ANNAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok