Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkiýede medeni çäreler guraldy

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde dürli çäreler geçirildi. Bu çäreler türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşini ýene-de bir gezek görkezdi we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirildi.

1-nji noýabrda Newşehir şäheriniň Söwda-senagat palatalar we biržalar birleşiginiň binasynda “Türkmenistan we Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri” atly tegelek stol maslahaty geçirildi. Maslahata Türkiýäniň dürli sebitlerinden 100-den gowrak işewür gatnaşdy. Duşuşykda energetika, ulag-logistika, gurluşyk, maýa goýum we söwda ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, “Güraý” taryhy muzeýinde Garaşsyzlyk güni mynasybetli surat sergisi geçirildi. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň taryhy, medeni mirasy we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdylar. Bu çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulýew sebitiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi we täze mümkinçilikleri barada pikir alyşdy.

Bu çäreler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň we iki ýurduň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde taryhy ähmiýete eýe boldy.

Gülşat Annaýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok