2-nji noýabrda Türkmenistanda Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýöriş geçiriler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalaryna ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle möhüm Kararnamanyň hormatyna 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi guramagy teklip etdi. «Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarynda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugymyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Belläp geçsek, Saglyk ýoly Türkmenistanyň gözellikleriniň biridir. Ol 2000-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda açyldy. Saglyk ýoly Köpetdagyň dag toplumynyň düzümine girýän Giňdiwar belentliginiň gerşinden geçýän basgançaklar arkaly betonlaşdyrylan ýoda görnüşindedir.
Saglyk ýolunyň umumy uzynlygy 36 kilometr. Ol iki bölege bölünip, biri 8 we beýlekisi 28 kilometr. Aşgabadyň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň arasynda aýratyn meşhurlykdan peýdalanýany 8 kilometrlik bölegidir. Bu ýerde däp boýunça köpçülikleýin ýörişler we sport çäreleri geçirilip, şol çärelere sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän dürli ýaşdaky adamlar gatnaşýarlar.
Çynar AGAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler