27-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk geçirildi. Baýramçylygyň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy.
Her ýyl geçirilmegi däp bolan “Türkmen alabaýy” atly döredijilik bäsleşiginde Türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper wasp etmek boýunça sungat eserleri ýerine ýetirildi. Bu bäsleşige 70-den gowrak iş hödürlenip olaryň arasyndan has gowy eserler emin agzalar tarapyndan saýlandy. Olardan haly eseri döretmek boýunça Aşgabat şäher çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýtäç Orazgulyýewa “Türkmen alabaýy” atly eseri ýeňiji boldy. Ussat halyçy türkmen alabaýyny tebigatda güjüjekleri bilen ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Bu eserinde halyçy taslama çözgüdi bilen tapawutlanyp alabaýlaryň göwrümini has aýdyň görkezip bilmegi başarypdyr.
Surat eseri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallymy Bakygeldi Sytdyhow “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri boýunça gatnaşyp ýeňiji boldy. Bu eserde suratkeş türkmen alabaýynyň wepalylygyny, gaýduwsyzlygyny görkezmegi başarypdyr. Suratkeş eseriň yzky meýilnamasynda kerwen gurap barýan düýe hataryny suratlandyrypdyr. Bu eser beýlekilerden janlylygy bilen tapawutlanýar.
Heýkel önümi boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güljan Şöhratgeldiýewa “Goragçy” atly heýkel eseri boýunça ýeňiji boldy. Talyp bu eserinde aý, ýyldyzly baýdagy we mukaddes tugramyzy görkezmek bilen türkmeniň wepaly we gaýduwsyz goragçysynyň bardygyny subut etmäge çalyşýar.
Neşir önümi boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Ata Mohammed Ahmed “Senenama 2024” atly kalendar işi 23 dalaşgäriň arasyndan tapawutlanyp ýeňiji bolmaga mynasyp görüldi. Bu eser beýleki senenamalardan dizaýn aýratynlygy boýunça tapawutlanýar.
Teleoperatorçylyk işi boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Eziz Çaryýew “Edermen türkmen alabaýy” atly wideo şekili bilen gatnaşyp ýeňiji boldy. Bu wideo şekilde, edermen türkmen alabaýy terbiýelenişi, saklanyşy we eýesine wepalydygyny görkezýär. Bu wideo şekil 20 minutdan ybarat bolup, emin agzalaryň göwnüne ýaramagy başardy.
Ýeňijilerimize hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.
Tumar ARTYKOWA
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby
Teswirler