Bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça badalga berilýän özgertmeler rowaçlyklara beslenýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek baradaky parasatly sözleri işimizde uly goldaw bolup durýar. Bilim işgärleriniň iş tejribesi boýunça bu mukaddes kitaplaryň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän sergiler gurnalýar. Wagyz etmek arkaly biz gymmatly gollanmada beýan edilen taryhymyz, şu günümiz, geljegimiz bilen bagly maglumatlaryň her bir setirini okuwçylaryň aňyna ýetirmäge çalyşýarys.
Bilim özgertmeleriniň esasy ugry ylmyň iň täze gazananlaryny, sanly tehnologiýanyň mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmak, has takygy, sanly bilimi has-da ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Şunda okatmagyň döwrebap usullary, multimedia tehnologiýalar bilen bilim öwretmek ýaly ugurlar örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda ylmyň soňky gazananlary okuw işine ornaşdyrylyp, häzirki döwrüň talaplaryny üstünlikli berjaý etmäge ukyply bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Kämil ýaşlary taýýarlamakda orta mekdeplerde berilýän bilim milli terbiýe bilen utgaşdyrylýar. Ýaşlaryň bilim öwrenmek ukyby, ylma bolan höwesi ir döwürden kemala getirilmelidir. Şunda orta mekdebiň mugallymlaryna uly wezipe degişli bolup durýar. Sapaklarda okuwçynyň ünsüni çekmek, geçilýän temanyň mazmunyny düşündirmek, sapagy guramaçylykly geçmek kämilligiň binýadydyr. Bularyň ählisi okuwçynyň aňynda bilim öwrenmek we kämilleşmek düşünjesini kemala getirýär.
Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edýän, ajaýyp Diýarymyzyň goýnunda okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mährijemal REJEPOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurtdillerine
ýöriteleşdirilen 27-nji ortamekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.
Teswirler