Binagärlik-gurluşyk institutynda: Halk Maslahaty – ösüşiň gönezligi

Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletli ösüşleriň gözbaşy

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletli ösüşleriň gözbaşy” atly maslahat geçirildi.

Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, durmuşa geçirmek boýunça işleri ýylyň-ýylyna geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynyň mejlislerinde aýdyň görmek bolýar. Halkymyzda maslahatlaşmak, geňeşmek bilen bagly ajaýyp nakyllar biziň günlerimize gelip ýetip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda “Maslahat bilen atylan daş uzak gider ”, “Maslahat bilen tutulan toý dargamaz”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” ýaly nakyllar öz beýanyny tapypdy.

 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda, Parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip döredilen  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada institutyň uly mugallymy Amangeldi Orazowyň we beýlekileriň çykyşlary hasda täsirliligi bilen tapawutlandy.

Şeýle okamaga, işlemäge we döerdijilik bilen meşgullanmaga berýan mümkinçilikleri üçin Gahryman Akadaga we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Akadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, mundan beýläk hem alyp barýan işleri rowaçlyga beslensin!

Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ylym bölüminiň başlygy. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok