«Bilim arkaly beýik geljek gurulýar»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Çagalar baglarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmekde, bilimli, aň taýdan ösen, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmekde, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmakda, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmekde, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýeti bardyr. Konsepsiýada göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, kämil bilimli, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, hakyky watansöýüji nesliň kemala gelmegine itergi berer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim edaralarynda döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň beden we ruhy taýdan ösen, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Ýaşlaryň döwrebap ylymly-bilimli bolmagy üçin döredýän ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!.

Meşhur REJEPOW,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurtdillerine
ýöriteleşdirilen 27-nji ortamekdebiniň
biologiýa mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok