“Arkadag” futbol topary bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

“Arkadag” futbol topary bassyr ikinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Topar täze çempionlygyny golaýda, Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň Sport mekdep-internatynyň sport desgasynda geçiren duşuşygyndan soň yglan etdi.

Milli çempionatynyzyň 28-nji tapgyrynyň öňe süýşürilen duşuşygynda “ARKADAG” topary Balkanabadyň “Nebitçisini” kabul etdi. Duşuşyk ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şähere wekilçilik edýän toparyň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

25-nji duşuşygynda 25-nji ýeňşini gazanan “ARKADAG” topary bu ýeňiş bilen utugyny 75-e çykaryp, iň ýakyn bäsdeşi bilen 23 utuklyk aralygy gorady. Möwsümiň galan böleginde utuk babatynda toparyň yzyndan ýetmek hiç bir bäsdeşine başartmaz.

Ýeri gelende belläp geçsek, döredilen wagtyndan bäri (2023-nji ýylyň bahary) hiç bir resmi duşuşykda utulmadyk topar gysga taryhynda milli rekordlaryň birnäçesini täzeledi. Ýeňişlere we üstünliklere beslenen ýollar topary bassyr ikinji çempionlygyna alyp geldi. Bu çempionlyk topara 2025 – 2026-njy ýyllaryň möwsüminde yklym ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Begli AGAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok