Şekillendiriş sungatynda halkara hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň  4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň ikitaraplaýyn alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde gurnalan serginiň açylyş dabarasynda “ABŞ-Türkmenistan: suratkeşler alyş-çalyş” maksatnamasynyň meýilnamasy esasynda tejribelik okuwyna we saparlaryna işjeň gatnaşan türkmen suratkeşleriniň ähmiýeti bellenildi. 

Bu sergide agzalan maksatnama işjeň gatnaşan türkmen suratkeşleriniň döredijilik eserleri görkezildi. Serginiň ekspozisiýasynda 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry hem-de 6-njy oktýabr aralygynda ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherlerinde döredijilik saparynda bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy Zakirjan Babaýew we zehinli talybymyz DurdymuhammetPirowowyň döreden peýzaž we portret eserlerini görmek bolýar. Ýaş suratkeşler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hanym Elizabes Ruda tarapyndan sylaglanyldy. 

Medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk türkmen suratkeşleriniň ussatlyk derejesini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Sülgün Saýylowa, 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok