Hytaý Respublikasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyny bellenildi

1-nji oktýabrda Hytaýda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni bellenildi. Bu ýyl Respublikanyň döredilenine 75 ýyl doldy.

Belläp geçsek, Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni – bu esasy döwlet baýramçylygy bolup, ol 1949-njy ýyldan başlap her ýyl bellenilip gelinýär.

Baýramçylyk güni Pekiniň baş meýdançasynda (Týananmen) HHR-iň Döwlet baýdagy galdyrylýar. Hut şu meýdançada 1949-njy ýylda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň lideri Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigi barada yglan etdi.

Häzirki wagtda bu baýrmaçylygyň başga atlary hem bar. Ol “1-nji oktýabr mynasybetli uzak dynç alyş” ýa-da “Altyn hepde” diýlip atlandyrylýar, sebäbi dabaraly çäreler we baýramçylyklar 8-nji oktýabra çenli dowam edýär.

Hytaý halky üçin bu möhüm baýramçylyk hasaplanylýar. Dabaranyň geçirilýän günlerinde Hytaýyň ähli şäherleriniň köçeleri gyzyl baýdaklar, hytaý çyrajyklary we janly güllerden ýasalan ägirt uly kompozisiýalar bilen bezelip, dabaraly saz we feýerwerkler bilen utgaşdyrylan köpçülikleýin halk gezelençler geçirilýär.

Niýaz BALLYKOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok