Kiçi çagalaryň arasynda giňden ýaýran mawy ekrana bolan endik, okamak we öwrenmek endikleriniň we ünsüň bozulmagyna sebäp bolýar. Mekdeplerde telefonlary ulanmaga bolan rugsat ýaşlaryň mekdep durmuşyna negatiw täsir edýär. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda bu ýagdaý sebäpli täze kanun kabul edildi.
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň häkimi tarapyndan gol çekilen täze kanuna laýyklykda, ştatdaky mekdepler okuwçylaryň smartfon ulanylmagyny çäklendirýän düzgünleri ýerine ýetirmeli bolarlar.
Kanun mekdep administrasiýalaryndan 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli okuwçylaryň şeýle-de ýokary okuw jaýlaryndaky talyplaryň smartfon ulanmagyny gadagan etmek şeýle-de çäklendirmek üçin düzgünleri kesgitlemegi talap edýär.
Täze kabul edilen kanun, synp otaglaryndaky ünsüňi azaltmagy we sosial mediýanyň çagalaryň akyl saglygyna edýän täsirini azaltmagy maksat edinýär.
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň häkimi bu mesele boýunça beren beýanatynda: “Täze kanun okuwçylara akademiki okuwlaryna, jemgyýetçilik ösüşine we dünýäsine ünsi jemlemäge kömek eder” – diýip belledi.
Ozal Florida, Luiziana, Indiana ýaly birnäçe ştatlar mekdeplerde okuwçylaryň telefon ulanylmagyny çäklendirmek maksady bilen kanunlar kabul edipdi.
Aýgül AŞYRGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler