Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

20-nji sentýabrda Kalmykiýa Respublikasynyň Elista şäherinde guralan «Halklar asyrlarboýy bilelikde» atly sebitleýin forumyň çäginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Bakylygyň nyşanlary: türkmenler bilen kalmyklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk köprüsi» atly halkara maslahat geçirildi.

Halkara maslahata Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsuly, Kalmykiýa Respublikasynyň Halk Huralynyň (Mejlisiniň) başlygy, Kalmykiýa Respublikasynyň Başlygynyň geňeşçisi şeýle-de belli alymlar, syýasatýasatşynaslar, professorlar, Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy seljeriş merkezleriniň wekilleri hem-de B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmykiýa döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, türki dillerdäki beýleki edebiýatlaryň hem ösmegine goşant goşandygy bellenip geçildi. Maslahatyň dowamynda belli alymlar, syýasatýasatşynaslar, ekologlar, Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy seljeriş merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Halkara maslahatyň çäklerinde sergi guralyp, onda türkmen halkynyň özboluşly medeniýetini, däp-dessurlaryny açyp görkezýän türkmen milli lybaslary, şaý-sepleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň kitaplary görkezilişe çykaryldy.

Kerwen DÖWLETOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok