Ýaş türkmen tennisçisi Ilima Guseýnowa Malaýziýada kümüş medala eýe boldy

14 ýaşly türkmen tennisçisi Ilima Guseýnowa Malaýziýanyň Bandar Baru Ensteke şäherinde «Selangor Asian 14 & Under Grade A (Southeast Asia)» ady bilen halkara derejesinde geçirilýän tennis ýaryşynda jübütleýin duşuşyklarda çykyş etdi.

Eýranly topardaşy Hana Şabanpur bilen jübütlikde çykyş eden Ilima bilelikde ýaryşda kümüş medala eýe bolmagy başardy.

Tennis ýaryşy Aziýa sebitiniň dürli ýurtlaryndan 60-dan gowrak ýaş türgenleriň gatnaşmagynda geçirilip, tennisçi gyzy bu ýaryşa Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Gasanow taýýarlady.

Belläp geçsek, Ilima ýaryşyň ýekeleýin tapgyrynda hem 1/16 we 1/8 finallaryndan üstünlikli geçip, çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Heniz 14 ýaşynda halkara derejesindäki ýaryşda üstünlik gazanan ýaş türkmen tennisçisi häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde bilim alýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok