Amerikaly syýasatçy, aklawçy we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häzirki wise-prezidenti Kamala Harris 1964-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda doguldy. Harrisiň ejesi Hindistanly, kakasy bolsa Ýamaýkaly.
Harris 1989-njy ýylda Kaliforniýa uniwersitetiniň Hastings hukuk fakultetinde okanyndan soň aklawçy boldy. Ol 1990-njy ýylda Alameda şäherinde, 1998-nji ýylda San-Fransisko şäherinde, 2017-nji ýyla çenli Kaliforniýa ştatynda prokuror bolup işledi.
Harris Amerikanyň taryhynda ilkinji gezek wise-prezident wezipesinde işlän afroamerikaly ilkinji zenan bolup durýar.
Kamala Harris – 2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda, 2020-nji ýylda geçiriljek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçiriljek prezident saýlawlarynda prezidentlige dalaşgär boljakdygyny yglan etdi. Emma ol geçirilen saýlawlarda az ses alanlygy şeýle-de onuň başyny başlan kampaniýasynyň maddy ýagdaýynyň pesligi sebäpli dalaşgärlikden çekilmeli boldy.
Muňa garamazdan, 2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda Jo Baýden Kamala Harrisi işdeş ýoldaşy hökmünde saýlady. Şol ýylyň 7-nji noýabrynda Baýden-Harris jübüti saýlawlarda ýeňiş gazandy. Netijede, Harris ABŞ-nyň wise-prezidenti boldy.
Demokratlar tarapyndan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär görkezilýän Kamala Harris – 5-nji noýabrda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazansa, Harris ABŞ-nyň ilkinji zenan prezidenti bolar.
Ýaňy-ýakynda saýlawlardan çekilýändigini yglan eden ABŞ-nyň häzirki prezidenti Jo Baýden wise-prezident Kamala Harrisiň dalaşgär hökmünde tassyklanandygyny we ony goldaýandygyny mälim etdi.
Atajan EÝÝUPOW.
Teswirler