Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY bilen Nurmuhammet Baýramberdiýewiç Orazgeldiýew Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellenildi.

Nurmuhammet Baýramberdiýewiç ORAZGELDIÝEW

1984-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde doguldy. 2008-nji ýylda Belarus Döwlet oba hojalyk akademiýasyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri ykdysadyýetçi.

2001-nji ýylda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Aşgabat metodiki ekspedisiýasynyň EHM-niň operatory, hasaplaýjy-tehnigi bolup zähmet ýoluna başlady. 2010 — 2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenbaşy dokma toplumynyň maliýe we hasabat dolandyryşynyň maddy serişdeler hasabat bölüminiň birinji derejeli hasapçysy, alyp baryjy buhgalteri bolup işledi. 2012-nji ýylda “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň hasaplaşyk, hasaba alyş we maliýe bölüminiň baş hünärmeni, şeýle hem “Bakteriýa” hususy kärhanasynyň hasaphana bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi.

2012 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenbaşy dokma toplumynda dürli wezipelerde işledi. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikdäki kärhanalaryň işini utgaşdyryjy bölüminiň başlygy.

2020-nji ýylyň sentýabryndan bäri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň dokma senagaty bölüminiň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok