Alymlar Marsda ýaşap bilýän ösümligi tapdylar

Hytaýly alymlar Mojawe çölünde we Antarktidada ösýän “Syntricia Caninervis” suwotusynyň gyzyl planetada ýaşaýyşyň döremegine kömek edip biljekdigini pikir edýärler. “Syntricia Caninervis” – guraklyk, ýokary radiasiýa we aşa sowuk şertlere çydap bilýär.

Hytaýly alymlar diňe Ýeriň üstünde däl-de beýleki planetalaryň çylşyrymly gurşawlarynda ösüp biläýjek ösümlikleri tapmak üçin ilkinji gezek gözleg geçirdiler. Kosmosda ösýän ösümlikler, kömürturşy gazyny kisloroda we suwy uglewoda öwürmek ukybynyň barlygy sebäpli adamlaryň kosmosda gurjak ähli hemişelik ilatly nokatlary üçin möhümdir. Başgaça aýdylanda, ösümlikler adamlaryň zerur howany we iýmitleri üpjün edýän esasy çeşmedir. 

Çöl suwotularynyň dürli artykmaçlyklary hem bolup biler, sebäbi Marsyň üstündäki gaýaly materiallary baýlaşdyryp, beýleki ösümlikleriň hem ösmegine mümkinçilik döreder diýlip çaklanylýar.

Mälim bolşy ýaly, çöl suwotulary diňe bir diri galman, eýsem bütinleý suwsuz galanyndan soň hem çalt dikelmäge ukyply. Şeýle hem, bäş ýyla çenli – 80 C-de we 30 güne çenli – 196 C-de we gamma şöhlelerine sezewar bolandan soň hem adaty ösüş şertlerini dowam edip bilýär.

Alymlaryň pikiriçe, bu suwotular Mars ýaly gurşawda ýaşap biler we ýedi günden soň hem adaty ösýän şertlerde durmuşlaryny dowam etdirip biler.

Aýmelek DÖWRANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok