Özara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz oňyn hem netijeli hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Şäheriň merkezinde, Turan köçesiniň ugrunda dikilen heýkel beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän şu ýylynda iki doganlyk halkyň medeni ugurdaky gatnaşyklarynyň barha berkeýändigini subut edýär.

Mälim bolşy ýaly, täze taryhy döwürde abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolup, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary halklary ýakynlaşdyrýar. ŞHG-niň sammitlerine ýurdumyzyň yzygiderli gatnaşmagy sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändiginiň aýdyň güwäsidir. ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk, deňhukuklylyk, oňyn hyzmatdaşlyk ýaly ynsanperwer ýörelgeler boýunça biziň ýurdumyz bu gurama bilen netijeli işleri alyp barýar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynda ylym-bilim, söwda, senagat, oba hojalyk ulgamy, “ýaşyl” ykdysadyýeti, kiçi we orta telekeçilikde işewürlik gatnaşyklary, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy möhüm orny eýeleýär. Ylym we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly üns berilýär, innowasiýa, ýaşlaryň bu ugra hem-de daşky gurşawy aýawly saklamaga goşandy babatdaky maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de saparyň çäklerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurduň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy we oňa Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy hem-de dabara gatnaşyjylara ýurdumyzda gazak dilinde neşir edilen, merjen şäherimizde bina edilen “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bagyşlanan kitapçanyň gowşurylmagy iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini aýdyň görkezýär.

Serdar SOPYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok