1833-nji ýylyň 9-njy iýunynda Al Maktum tarapyndan Dubaý şäheriniň düýbi tutuldy. Arap ýarym adasynda ýerleşýän Birleşen Arap Emirlikleriniň 7 Emirliginiň biri Dubaýdyr. 1968-nji ýyla çenli Beýik Britaniýanyň gol astynda bolan bu Emirlik 1969-njy ýylda öz Garaşlygyny gazanandyr. Baý taryhy bolmadyk bu şäheriň baý geljeginiň bardygyna bütin dünýä ynanýar. Dubaý özüniň binagärçilik sungaty, häzirki zaman dizaýny bilen dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär.
Emirligiň esasan nebite baý bolmagy 1990-njy ýyllardan başlap düýpli gurluşyklaryň başlanmagyna badalga boldy. Dünýäniň iň güýçli arhitektorlarynyň täsin taslamalaryna esaslanyp döredilýän şäherde ýer ýüzüniň iň beýik binasy Burj Halyfy (830 metr), Dubaý sazly suw toplumy, Atlantis The Palm emeli adasy, ýedi ýyldyzly Burj Al Arap myhmanhanasy we ýene-de birnäçe täsinlikler bar. Dubaý şäheriniň taslamasynyň esasy şygary “Lýuks” (aňrybaş) ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekdir.
Syýahatçylar Dubaý Mall söwda merkezinde, deňiz kenarlarynda, şäheriň lýuks restoranlarynda dynç almagyň dünýäniň başga şäherlerine çalşyp bolmaýandygyny aýdýarlar. Dubaý nebiti eksport etmegiň hasaba esasy girdejisini gazanýar. Ilatynyň 17 % ýerli halk bolup galan 83% göçüp gelen başga milletlerden ybaratdyr. Dubaý bir wagtyň özünde birnäçe dünýä rekordyny goýmagy başardy:
- Dünýäniň iň beýik binasy;
- Dünýäniň iň uly söwda merkezi;
- Dünýäniň iň uly akwariumy;
- Dünýäniň iň uly altyn zynjyry;
- Dünýäniň iň uly howa menzili.
Laçyn GURBANKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler