60 ýaşly, özüňiz bilen gürleşmegi pikir edip gördüňizmi?
Dünýäniň iň abraýly inženerçilik we tehnologiýa mekdepleriniň biri bolan ABŞ-nyň Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) gözlegçiler topary size bu tejribäni hödürläp biler.
Gözlegçiler, emeli aň ulanyp, mümkin boldugyça has hakykata meňzeş bolan, “Geljekki özüňiz” bilen gürleşmäge mümkinçilik berýän söhbetdeşlik botuny döretdiler.
Gözlegçiler, “OpenAI” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen meşhur “GPT-3.5” modelini ulanyp, gatnaşyjylara durmuşy, geçmişi we islegleri barada birnäçe sorag berdiler. Soňra ulgam “ulanyjynyň fonuny” döretdi.
Bulardan başga-da, ulanyjylaryň maliýe, bilim we saglyk bilen baglanyşykly uzak möhletli hal-ýagdaýy hem soraldy. Toplanan maglumatlar şahsylaşdyrylan emeli aň çatbotuna ýüklendi.
Angliýanyň Warwik uniwersitetiniň ylmy professorlary “Adamlar köplenç özleriniň geljegini aç-açan göz öňüne getirmekde kynçylyk çekýärler” -diýip belläp geçýärler.
MIT gözlegçileri tarapyndan döredilen we 60 ýaşly, özüň bilen gürleşmäge kömek edýän söhbetdeşlik boty şol sanda ulanyjynyň 60 ýaşly suratyny hem hödürleýär. Hünärmenler bu söhbetdeşlik boty bilen adamlaryň geljegi has anyk we duýup, geljekde ýüze çykyp biljek psihologiki näsazlyklary aradan aýryp biljekdigini mälim edýärler.
Göwher SAMADOWA,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.
Teswirler