Ylym we bilim – bagtyň ganatydyr

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylmy-barlag däneçilik institutyny; Ylmy-barlag ekerançylyk institutyny; Ylmy-barlag pagtaçylyk institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem şu ylmy-barlag institutlarynyň Tertipnamalaryny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Degişli Karar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölünmegi arkaly döredildi.

Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksadaokgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar gaýgyrylmaz. Döwlet derejesinde her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Intellektual bäsleşikde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

Döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda baý tejribe toplandy. Türkmenistanda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi giňeldilýär hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak işi ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky gaznasy hem-de Ylmy ösdürmek gaznasy hereket edýär. Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän hem-de adamzat pikiriniň beýik gazananlarynyň döwründe halkyň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin ähli şertler üpjün edilen.

Timur ELTEZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok