Hytaý birnäçe ýurduň raýatlary üçin wizasyz režimi girizer

Hytaýyň Daşary işler ministrligi Täze Zelandiýa, Awstraliýa we Polşa ýaly ýurtlaryň raýatlary üçin wizasyz režimi girizdi. Munyň esasy maksady Hytaý bilen bu ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bolup durýar.

2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2025-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda adaty pasportlary bolan ýokardaky ýurtlaryň raýatlaryna iş şeýle-de syýahatçylyk maksatly Hytaýa girmäge, garyndaşlaryny görmek üçin 15 güne çenli wizasyz režimde ýurtda galmaga rugsat berler.

Wizadan ýüz öwürmek kriteriýalaryna laýyk gelmeýän bu ýurtlaryň raýatlaryndan entek ýurda girmezden ozal Hytaý wizasyny almaly bolýandyklaryny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, degişli ýurtlar Hytaý raýatlaryna wiza almak üçin has köp mümkinçilik döreder.

Ýeri gelende belläp geçsek, Moldowanyň raýatlarynyň Hytaýa gitmegi üçin wiza gerek bolup durýar. Wiza almak üçin şertleri “VIZA.md” web sahypasyndan tapyp bolar.

Nurşat TIRKEŞOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok