Russiýadan Demirgazyk Koreýa otly gatnawlary başlaýar

Iýun aýynyň ortalarynda Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda giňişleýin strategiki hyzmatdaşlyk baradaky şertnama gol çekilmegi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ösýär.

Russiýa koronawirus epidemiýasy sebäpli togtadylan Demirgazyk Koreýa göni otly gatnawlarynyň 4 ýyldan soň täzeden başlajakdygyny habar berdi.

Iýul aýynda başlajak gatnawlaryň Wladiwostok şäheri bilen Demirgazyk Koreýanyň Rason portunyň arasynda amala aşyryljakdygy habar berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok