11-nji iýunda saýlawlara taýýarlyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry bolan Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy.
Möwsümiň ilkinji iki tapgyryny düzýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işi ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna, halkara kadalara laýyk gelýän şertlerde geçirildi.
Belläp geçsek, dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleri bar. Olaryň aglabasy syýasy partiýalaryň agzalarydyr. Şeýlelikde, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini çözmekde raýat jemgyýetiniň ähli institutlarynyň işjeň gatnaşygy üpjün edilýär.
Bellige alnan her bir dalaşgäre milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki wagtda saýlaw okruglarynda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilip başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu möwsümiň ýörelgesi türkmen jemgyýetiniň durmuşyndaky demokratik däpleri mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýän giň saýlaw esaslaryny döretmekden ybaratdyr.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.
Teswirler