Daşoguz welaýatynda ýaşaýjylar tarapyndan Horezmşalar döwrüne degişli tapyndylar tapyldy

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 8 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri, 8 sany dürli reňkdäki tapyndylar tapyldy.

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarydyr hünärmenleriniň, Ylymlar akademiýasynyň nuizmatlary bilen bilelikde geçirilen deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklandy.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgençli türkmenleriň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.

Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýar. Bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine gatnaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok