Germaniýanyň Federal statistika gullugy (Destatis) tarapyndan berlen beýanatda 2023-nji ýylda 200 müň 100 töweregi daşary ýurtlynyň 2023-nji ýylda Germaniýanyň raýatlygyna kabul edilendigini mälim etdi.
Raýatlyk berlenleriň sanynyň 2000-nji ýyldan bäri iň ýokary derejededigi bellärliklidir. Geçen ýyl raýatlygyna kabul edilen adamlaryň sanynyň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 31 müň adam ýa-da 19 göterim ýokarlanandygy nygtaldy.
2023-nji ýylda 157 ýurtdan gelen raýatlara raýatlyk berlendigi we raýatlyga kabul edilenleriň 75,500-siniň Siriýalydygy mälim edildi. Siriýalylaryň raýatlyga kabul edilmezinden ozal Germaniýada ortaça 6,8 ýyl galandygy habar berildi.
Siriýadan soň sanawyň başynda Türkiýe, Yrak, Rumyniýa we Owganystan bar. Raýatlyga kabul edilenleriň ortaça ýaşy 29,3 bolup, olaryň köpüsi erkek adamlar bolup durýar.
Çary KULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler