“Microsoft” – 28 ýyllyk “VBScript”-i ýapýar

“Microsoft” hem beýleki tehnologiýa kompaniýalary ýaly, ulanylmaýan we öňküsi ýaly meşhur däl programma üpjünçiliklerini ýapýar. Şolardan biri hem “VBScript” şu ýylyň ahyryna çenli doly ulanyşdan aýrylar.

Programma döredijiler tarapyndan işjeň ulanylýan “VBScript” guraly, “Microsoft”-yň täze Windows wersiýalaryndan doly aýrylar.

“Microsoft” kompaniýasy 28 ýyllyk “VBScript” guralyny doly ýapmak bilen has döwrebap we ösen görnüşli programma dörediji guralyny hödürlemegi maksat edinýär.

Belläp geçsek, Visual Basic Scripting Edition programma dili “Microsoft” tarapyndan 1996-njy ýylda ulanylyşa berildi.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok