Eýranda prezident saýlawlary başlandy

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, Içeri işler ministri Ahmed Wahidi karar çykardy we saýlaw etabynyň başlamagyny buýurdy.

Şeýlelik-de, Eýranyň Konstitusiýanyň 131-nji maddasynyň we 38-nji we 39-njy maddalarynyň çäginde ýurtda 14-nji Prezidentiň saýlaw möhletini başlamak kararyna gelindi.

Şoňa laýyklykda ýurt boýunça welaýat we etrap häkimliklerine şeýle-de olara degişli beýleki sebitlerde saýlaw merkezlerini döretmek we 3 günüň dowamynda dolandyryş geňeşlerini döretmek tabşyryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, 19-njy maýda dikuçar heläkçiliginde prezident Ebrahim Raisi aradan çykandan soň Konstitusiýa laýyklykda, wise-prezident Muhammet Muhbiriň wagtlaýyn prezident bolmagyna ygtyýarlyk berildi.

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler. Saýlaw senenamasyna laýyklykda dalaşgärler 30-njy maýdan 3-nji iýuna çenli arza bererler we saýlaw möwsümi 12-nji iýundan 27-nji iýun 07:00-a çenli dowam eder.

Baýram DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok