«AI Challenge» emeli aň bäsleşigi geçirilýär

Ýaşlar üçin «AI Challenge» halkara emeli aň bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry başlandy. Bäsleşik emeli aň pudagyndaky Alýans bilen bilelikde Russiýanyň süýşürintgiler banky tarapyndan guralýar.

Türkmenistandan bu bäsleşige programmirlemek we robot ýasamak bilen gyzyklanýan, emeli aň boýunça hakatonlara we ýaryşlara gatnaşýan çagalar gatnaşyp bilerler. Bäsleşik tabşyryklary häzirki wagtda tehnologiýa biznesiniň ýüzbe-ýüz bolýan hakyky wezipeleridir. Olar «Sberiň» toparlary we hyzmatdaşlary, şeýle hem emeli aň ulgamyndaky Alýans kompaniýalary tarapyndan işlenip düzüldi.

Bäsleşik dört tapgyrdan ybarat: saýlama, esasy, ýarym final we final. Saýlama tapgyryna ýazylyşyk 15-nji sentýabra çenli dowam eder. Bu tapgyrda bäsdeşler şahsy reýtingini ýokarlandyrmak üçin, meseleleri aýry-aýrylykda özbaşdak çözmeli bolarlar.

Bu ýyl bäsleşige gatnaşýanlara täzelik garaşýar – indi 13 ýaşa ýetmedik çagalar-da «Başlaýanlar» atly aýratyn ýoly saýlap we bäsleşigiň hyzmatdaş kompaniýalary üçin çözgütleri taýýarlamakda özleri ýaly täze öwrenjeler bilen bäsleşip bilerler. Mundan başga-da, olarda 17 ýaşa çenli bäsdeşler üçin geçiriljek «Gözlegçiler» toparynyň ýoluna goşulmak mümkinçiligi-de bolar. Onda, ýaryşa gatnaşýanlar kompaniýalardan alnan islegler boýunça has çylşyrymlaşdyrylan kazyýet işleriniň çözgütlerini işläp düzmeli bolarlar.

«Gözlegçiler» toparynyň 18 ýeňiji topary finalda 14 million rubl baýrak gaznasyny paýlaşar. «Döredijilikli» atly ýene bir täze ýoly-da öz içine alýan ähli şahsy ýollar üçin baýrak gaznasy 3 million rubl bolar, şeýle hem bäsdeşler ösüş üçin goşmaça mümkinçilik alarlar.

Bäsleşik çagalara döredijilikli awtorlyk mazmuny we sanly medeniýetiň ýollaryny döretmegi öwrenmäge kömek etmek bilen, olaryň innowasiýa tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmasyna itergi berer.

Kiza KAKALYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Cary

Şu habar menden başga doly okan barmaý.