Gollandiýada otag gülleri üçin akylly küýzeler döredildi

Gollandiýaly hünärmenler tarapyndan işlenip düzülen emeli aňly küýzäniň kömegi bilen otag güllerine ideg etmek has aňsat bolar.

Datçikli küýze, otagdaky temperaturany, çyglylygy, topragyň hilini we ýagtylyk derejesini gözegçilikde saklamaga ukyply bolup, güller üçin amatly şertleri awtomatiki düzýär. Bu täsin enjam maglumatlary eýesiniň smartfonuna iberýär. Şeýlelik bilen ösümligiň suwarmak ýa-da dökünlemek kadasyny görkezip bilýär.

Onuň ekrany ösümlik bilen aragatnaşyga interaktiwlik goşýar. Mysal üçin, gülüň ähli görkezijileri talaba laýyk bolsa, ekranda ýylgyryş peýda bolar we bir zat nädogry bolsa gynandyryjy ýylgyryş, eýesine aňsatlyk bilen düşünmäge kömek edýär.

Annagül UTAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok