Bütin dünýäde ömrüň dowamlylygy 5 ýyl artar!

Alymlar dünýädäki çak edilýän ömrüň 2050-nji ýyla çenli takmynan 5 ýyl ýokarlanjakdygyny habar berdiler. Gözleglere görä, erkekleriň ömri 4,9 ýyl, zenanlaryňky bolsa 4,2 ýyl artar.

Zenanlaryň ömri 76,2 ýaşdan 80,5 ýaşa çenli, erkekleriň ömri bolsa 71,1 ýaşdan 76 ýaşa çenli ýokarlanar. Munuň üçin 204-den gowrak ýurtda töwekgelçilik faktorlary we Global keseller barlagy gözden geçirildi.

“The Lancet” žurnalynda çap edilen gözlegiň awtorlaryndan biri “Ömrüň dowamlylygynyň umumy ýokarlanmagyndan başga-da, geografiýa boýunça ömrüň dowamlylygynyň deňsizliginiň azaljakdygyny gördük” – diýip belläp geçdi.

Alymlar dünýäde garaşylýan bu ýokarlanmanyň ýürek-damar keselleriniň, Covid-19 we ýokanç keselleriň öňüni almak üçin jemgyýetçilik saglyk çäreleri bilen baglanyşyklydygyny mälim etdiler.

Täze gözlegleriň möhüm netijelerinden biri, ömrüň dowamlylygy ýokarlansa-da, bu ýyllaryň saglyk üçin sarp edilmezligi bolup durýar. Gözleglere görä, “sagdyn ömrüň dowamlylygy” bütin dünýäde ömrüň dowamlylygy 5 ýyl artar!

Muhammetmyrat SÖÝEGOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok