Dünýäniň iň çuň basseýni

Dünýäniň iň çuň howzy bolan “Deep Dive Dubai” Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýär. Bu basseýniň çuňlugy 60 metr bolup, 14 million litr suwy saklap bilýär.

“Deep Dive Dubai”-yň iň täsir galdyryjy aýratynlyklaryndan biri basseýn gark bolan şäheri ýadyňa salýar. Suwa çümüjiler suwuň aşagynda taşlanan köçäni, ýaşaýyş jaýyny, ammary, awtoulag garažyny beýleki gyzykly aýratynlyklar bilen doly suwasty dünýäni görüp bilerler.

Mundan başga-da, basseýne gelýänlere mugt suwda ýüzmek we suwa çümmek bilen baglanyşykly dürli kurslar hödürlenilýär. Basseýn gury otagly iki sany suwasty ýaşaýyş ýerini, 56 suwasty kamerany we suwasty ses we yşyklandyryş ulgamyny öz içine alýar.

Basseýniň suwy her alty sagatdan süzülip arassalanyp durýar we temperaturasynyň hemişelik 30 derejede saklanýar. Beýleki tarapdan, 500 inedördül metrlik desgada birnäçe dükan, naharhana, çäreleri we konferensiýalary geçirmek üçin konferensiýa zaly bar. Basseýn häzirki wagtda iň uly suwasty film studiýasy hökmünde hem ulanylýar.

Gözel HUDAÝKULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok